Garaşsyzlyk — türkmeniň nurly daňy, gülüp dogan bagt kuýaşy. Şol nurly daň 34 ýyldan bäri il-günüň kalbyna, ýoluna, ykbalyna nur çaýyp gelýär. Bu ýyllaryň içinde türkmen milleti ata-babalaryndan geçen kämil paýhasy, milli edim-gylymlary bilen şöhratlandy. Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr.
1991-nji ýylyň güýzünde dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, biziň ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Geçen 34 ýylyň dowamynda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi.
Geçen ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda tapgyrlaýyn konstitusion özgertmeler amala aşyryldy. Döwlet häkimiýet edaralarynyň hakyky orny kesgitlenildi. Wezipeler döwrebaplaşdyryldy. Konstitusiýanyň düzgünleri kämilleşdirilip, geljekki ösüşlere giň mümkinçilikler açyldy. Döretmek ýoly bilen okgunly öňe barýan halkymyzyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz barha ösdi, özgerdi, kämilleşdi. Munuň şeýledigini ykdysadyýetde, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda ýetilýän sepgitler hem aýdyň görkezýär.
Milli Liderimiziň «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaplarynda we beýleki eserlerinde türkmen Bitaraplygynyň taryhy gözbaşlarydyr aýratynlyklary barada düýpli söhbet edilip, munuň özi Bitaraplyk diplomatiýamyzyň asyl many-mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu günki ösüşli menzillerimizde Bitaraplyk we Garaşsyzlyk biziň her birimiz üçin egsilmez buýsanç çeşmesidir. Çünki Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr.
Eziz ŞIHIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň kafedra müdiri.