halk maslahaty diwany THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Halk Maslahaty – agzybirligiň we jebisligiň nyşany

15.09.2025

Halk Maslahaty wekilçilikli edara bolup, onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak, kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy aýratynlygy, onda jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan, dürli kärdäki raýatlaryň öz pikir-garaýşyny beýan etmäge mümkinçiliginiň bardygydyr. Halk Maslahaty jemgyýetçilik guramalary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzy hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri yzygiderli alyp barýar.
Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu bolsa jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde duran täze wezipeleri kesgitleýän möhüm syýasy çäreleriň biri bolar. Bu mejlisde öňe sürüljek teklipler hem-de kabul ediljek çözgütler halkymyz üçin täze ösüşlere, täze belentliklere tarap badalga bolar. Häzirki günlerde hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararyna laýyklykda, mejlisiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi üçin ýörite taýýarlyk işleri görülýär.

Merdan ALAŞAÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
02 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat şäherinde täzelenen seýilgäh – Garaşsyzlygyň şanly ýyllarynyň ýadygärligi

68abcb713c4da601067688 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistana, Özbegistana we Gazagystana gezelenç etmek üçin täze syýahatçylyk ýoly

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop