birja THE ASHGABAT TIMES

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak boldy

15.09.2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen turbalary satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Serbiýanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, jins önümleri, buýan köki we buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 59 million 907 müň manatdan gowrak bolan tehniki uglerody («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi, buýan kökünden taýýarlanan çaý içgisini, ýod erginini satyn aldylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
hrn34jjxn68u8zdksnwuxufonhrbf6 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Döwlet ministri bilen duşuşygy

4xohhidd5e91r7lm 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli Jebisligiň Binýady: Halk Maslahaty täze taryhy sahypalary açýar

Soňkylar Ykdysadyýet

Ykdysadyýetde esasy ugurlar

14.02.2025
Ykdysadyýet, durmuşymyzyň her bir böleginde möhüm rol oýnaýar. Bu bilim pudagy, baýlyklaryň öndürilmegi, paýlanyşy we sarp edilmegi barada öwrenýär. Adamlaryň we jemgyýetleriň nädip ykdysady
GitTop