yer ilaty THE ASHGABAT TIMES

Ýer ýüzünde ilat sanynyň ösüşi

15.09.2025

Ýer togalagynyň ilatynyň sanynyň ösüşi eksponsial kanuna boýun egýär. Şeýlelikde, XX asyryň 70-nji ýyllarynda Ýer togalagynyň ilat sany 750 milliona barabar artdy. 80-nji ýylda 840 million, 90-njy ýyllarda bolsa ilat sany 960 milliona golaý köpeldi.

Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylda diňe bir ýylda Ýer togalagynyň ilaty 100 million adama çenli artdypdy. Beýle diýildigi bolsa Italiýanyň we Fransiýanyň bilelikdäki ilatyndan 15 milliondan az diýildigidir. Şunuň ýaly ösüş adam populýasiýasynda demografiki ýokary göterliş ýagdaýyny häsiýetlendirýär. Ýagny mundan 1,5 million ýyl ozal Ýer togalagynda takmynan, 500 müň adam ýaşapdyr. Şol döwürde adamlaryň ömrüniň dowamlylygy bary-ýogy 20 ýyla deň bolupdyr.

Takmynan, 9 müň ýyl mundan ozal Ýer togalagynda 10 sany ýerli, sebit hem-de tebigy heläkçilikler ýüze çykypdyr. Emma muňa garamazdan, ilatyň sany köpelmegini dowam edipdir. Ilatyň sanynyň ösüş dinamikasyny öwrenýän ylyma demografiýa diýilýär. Biziň eramyzyň başlarynda Ýer ýüzünde 200 million, XVII asyryň ortasynda bolsa 500 million adam ýaşapdyr. Zyýanly täsirleriň azalmagy netijesinde takmynan XIX asyryň ortalarynda Ýer togalagynda adamlaryň sany milliarda ýetipdir. Emma XIX asyrda we häzirki döwürde dürli görnüşli keseller, açlyk, uruşlar bilen baglanyşykly ýagdaýlar uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Demografiki hasaplamalar ilatyň ýaşy boýunça gurluşyna baha bermeklige mümkinçilik döredýär. Häzirki döwürde bolsa Ýer ýüzünde ilatyň sany takmynan, 7 millarddan hem geçýär diýlip çaklanylýar.

Gülşat SETDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
dunya turkmen 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi

bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy»: döwrebap seýilgähe wirtual syýahat (fotoreportaž)

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop