Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy.


Çagalar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň mazmunyny artdyrdy.






Gurjak artistleriniň sahna görnüşleri tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.


Çagalaryň söýgüli dosty Aşyr dädäniň hem bu dabara gatnaşmagy bagtyýar nesillere ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady.


Şowhunly sazlaryň astynda görkezilen lazerli çykyşlar bolsa täze seýilgähiň, şeýle hem Aşgabadyň agşamky keşbine has-da öwüşgin çaýdy.


Bu ýerde ýörite meýdançalar, güller we dürli baglar seýilgähiň ajaýyp keşbini emele getirýär. Welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary, yşyklandyryş sütünleri ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder.




«THE ASHGABAT TIMES».