ttttttttttt THE ASHGABAT TIMES

Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

16.09.2025

Sentýabr aýynyň gelmegi bilen ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy dowam edýär. 2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa onuň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny aýratyn belleýär.
Şu günlerde ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünlerini giňden düşündirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler guralýar. Sürüjileriň hem-de pyýadalaryň sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen mekdeplerde we çagalar baglarda ýörite sapaklar geçirilýär, ministrliklerde hem-de edaralarda bolsa tematik we okuw-maslahatlar guralýar. Bu ugurda çagalykdan tertip-düzgünleriň berjaý edilmeginiň ähmiýeti öwredilýän ýaş nesle aýratyn üns berilýär.
Ýol howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amaly çäreler hem giň gerimde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýollarynda ýol gözegçilik gulluklarynyň işgärleri, şol sanda welosipedli, yzygiderli nobatçylyk edýärler. Bu bolsa ýol ýagdaýyna çalt we netijeli täsir etmäge mümkinçilik berýär. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri mekdepleriň we beýleki okuw edaralarynyň töwereginde ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişine aýratyn üns bilen gözegçilik edýärler.
Ak mermerli paýtagtymyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýol infrastrukturasyny gurmak we döwrebaplaşdyrmak işleri işjeň alnyp barylýar. Şäherde ýol howpsuzlygyny we raýatlaryň amatlylygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Döwrebap giň ýollar, köprüler, ýerüsti we ýerasty geçelgeler ulaglaryň hem-de pyýadalaryň akymyny netijeli bölüp, ýol hadysalarynyň töwekgelçiligini ep-esli azaltmaga we dykynlaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Çylşyrymly çatryklarda gurulýan halkalaýyn aýlawly ýollar ulaglaryň erkin hereketini üpjün edýärler.
Öňdebaryjy tehnologiki çözgütler durmuşa geçirilen Arkadag şäheriniň ulag ulgamy aýratyn ünsi çekmelidir. Şäher köçeler döwrebap yşyklandyryş, wideo gözegçilik hem-de hereketi dolandyrmak ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Akylly ulag ulgamy (ITS) ulag akymlaryny sazlaşykly dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Jemgyýetçilik ulaglary üçin niýetlenen ýörite zolaklar wagty tygşytlamaga hem-de köçelerde dykynlaryň öňüni almaga ýardam berýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygy 30-njy sentýabra çenli dowam eder. Ýöne ýol howpsuzlygynyň diňe degişli gulluklaryň işi däldigini, eýsem, ýol hereketine gatnaşýan her bir raýatyň şahsy jogapkärçiligini hem ýatdan çykarmaly däldir.

Arslan GARAÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:37 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy»: döwrebap seýilgähe wirtual syýahat (fotoreportaž)

0u9gcxiht5thsrktouysjd1lqkadxm 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop