Dark
Light
25.01.2026
0u9gcxiht5thsrktouysjd1lqkadxm 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

16.09.2025

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem Ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzuk ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ttttttttttt THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

16092025 pr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop