160222 021 THE ASHGABAT TIMES

Medeni-mirasymyz-halkyň ruhy baýlygydyr

17.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli mirasyny wagyz etmek, ony döwrebap derejede ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar, halkymyzyň geçmiş taryhy aýratyn hormat bilen öwrenilýär.
Milli mirasymyzyň gaýtalanmajak nusgalary muzeýlerde ebedileşdirilýär. Olar milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň taryhyndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan üstünliklerinden habar berýärler.
Bu ugurda ýurdumyzyň halyçylyk sungatyna uly orun degişlidir. Türkmen halyçylyk sungatyny kämil derejä çykarmak üçin ähli tagallalar edilýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize çenli gelip ýeten gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanada nesillerimiz üçin taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup hyzmat edýär. Halylar we haly önümleri toý-baýramlarda guralýan ak öýleriň bezegidir. Bu bolsa milli mirasymyzyň nesilden-nesle geçýän öçmez-ýitmez sungat eseridiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Baýrammuhammet BABAÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
4d852d009a9a11976ce8e826af403f0d 9017196 382x254 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Paýtagtymyzda täze awtobuslar işe başlady

2 8 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ykdysadyýetde emeli aňyň möhüm orny

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop