Dark
Light
25.01.2026
garassyzlyk THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk – halkymyzyň milli buýsanjy

18.09.2025

Üstünlikli dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygyna 34 ýyl dolýar. Bu naýbaşy sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň durmuşynda taryhy mukaddeslikdir. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde halk bähbitli, döwlet ähmiýetli asyrlara barabar giň gerimli işler durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip belläp geçýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly, çuň manyly sözlerinde ata-babalarymyzyň özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky süýji arzuw-maksatlary, ata Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir.

Türkmeniň erkin ösüşiň şertlerine şeýle paýhasly çemeleşmeginiň gözbaşy onuň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerinden gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda halk paýhasynyň çuňluklaryna ýüzlenip, türkmenleriň arzuwlap gelen özbaşdak döwletli bolmak baradaky maksatlarynyň many-mazmunyny ussatlyk bilen beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bütin döwletlilik ýörelgeleriniň gös-göni ata-babalarymyzyň köp müňýyllyk kämil tejribelerine, şolar bilen ýaşaýan iliň isleg-arzuwlaryna daýanýandygyny parasatlylyk bilen belläp geçýär. Milli Liderimiziň: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolandyr» diýen buýsançly sözleri halk bilen döwletiň arasyndaky mizemez baglanyşygyň köklerini açyp görkezýär

Garaşsyzlyk ýyllarynda güneşli Diýarymyz ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanyp, dünýäde okgunly ösýän döwletleriň hataryna ynamly goşuldy. Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, senagatda, saglygy goraýyşda, ylym-bilim ulgamlarynda, oba hojalyk pudagynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünlikleri buýsandyryjydyr. Bu beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny, röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy hem-de mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Gülşat MUHYÝEWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň Medeni-usulyýet  bölüminiň usulyýetçi-maslahatçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2 8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ykdysadyýetde emeli aňyň möhüm orny

asgabat saher THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop