Adatça bolşy ýaly, halkymyz Garaşsyzlyk baýramyny — ýurdumyzyň baş toýuny hakyky türkmen myhmansöýerligi bilen uludan tutar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk, döwlet berkararlygynyň şanly toýuny mynasyp garşylamak baradaky meseleler döwlet derejesinde öňden bäri ara alnyp maslahatlaşylyp gelinýär. Türkmen halky üçin bu şanly senäniň ähmiýeti ymgyr uly, onuň köpmüňýyllyk taryhy XXI asyrda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar boýunça ýetilen belent sepgitler bilen dabaralanýar.
Baýramçylyk ruhy eýýäm sentýabr aýy başlanmanka, Türkmenistanyň ähli ýerlerinde duýuldy. Häzir ählumumy şatlyk, ruhubelentlik has aýratyn ýagdaýa we öwüşgine eýe boldy. Baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çäreleriň ilik-düwme oýlanyşykly, gyzykly, özüne çekiji, giň möçberli, ýatda galyjy bolmagy üçin edilýän yhlas-tagallalar artdy. Olaryň möçberi örän giň bolar: aýdym-saz şüweleňleri, bäsleşikler, teatr sahnalary, at çapyşyklary guralar. Binalary açyp ulanyşa bermek, ençemesiniň düýbüni tutmak dabaralary hem baýramçylyk çäreleriniň esasyny düzýär. Türkmenistan boýunça olaryň sany ep-eslidir. Munuň özi täze taryhy eýýamymyzyň rowaç gadamlarydyr — 34 ýylyň dowamynda arman-ýadaman, ýokary depgin bilen çekilen zähmetiň miweleridir. Bu zatlaryň ählisiniň — Türkmenistanyň dünýäni haýran galdyrýan we guwandyrýan beýik işleriniň gözbaşynda, ilkinji nobatda, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredijilikli zähmetleri, paýhasly başlangyçlary, maksada okgunly hereketleri dur.
Halkymyz bu günki gün mukaddes türkmen topragynyň, onuň daglarynyň, düzleriniň, deňizdir derýalarynyň hakyky eýeleridir. Bu topragy gülletmegi, ösdürmegi, bagtyýar durmuşy, ösen ýaşaýşy üpjün etmegi beýik Watanymyzyň, ata-babalarymyzyň, geljekki nesilleriň öňündäki mukaddes borjy hasaplaýan halkymyz ýene bir hakykaty ykrar edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar eden bagtyýarlyk döwründe ömür sürmek, beýik işleri bitirmek, kämil nesilleri ýetişdirmek, dünýä ýüzüne buýsanç hem ýagşy niýet bilen bakmak ykbalyň peşgeşidir, türkmen halkyna ylahydan berlen mukaddes paýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk diýmek biziň dünýä hoş nazar bilen seredip duran parasatly halkymyz, bu parasady dünýä aýlaýan berkarar döwletimiz diýmekdir» diýip bellemegi döwrüň gymmatyna düşünmäge çagyrýan ebedilik paýhasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen bina edilen we açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap obalary, şäherçeleri, olarda gurlan dürli maksatly binalary göreniňde, köçeleri, ýanýodalary bezeýän hatara düzülen baglary synlanyňda kalbyň joşa gelip, ýüregiň «Garaşsyzlyk — bu bir bagtyň çüwmesi!», «Garaşsyzlyk — bagtyýarlyk gözbaşy, berkararlyk binasy» diýip buýsançly seslenýär.
Oguloraz OMADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň baş kitaphanaçysy.