glawny 1 THE ASHGABAT TIMES

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri

19.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça ösüş ýoluna düşmegi üçin giň mümkinçilikler açyldy. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler we ählumumy maksatnamalar netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti täze ösüşlere eýe bolýar. Dünýäde abraýy barha artýan Türkmenistan döwletimiziň gazanýan üstünlikleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň giňelmegine we ösüş ýolunyň has-da rowaçlanmagyna hyzmat edýär.

Asuda Watanymyzyň häzirki üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary, onuň baştutanlygynda halkymyzyň agzybirlik bilen edýän zähmeti bilen baglanyşyklydyr. Bu hakykat her bir raýatymyzyň ýüreginde döredijilikli we joşgunly işlemek üçin güýç-kuwwat döredýär. Döwletimiziň ykdysady taýdan ösüşi ýurdumyzyň kuwwatlylygyny artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň durmuş derejesiniň gowulanmagyna hem uly täsir edýär.

Ýurdumyzda hususyýetçiligiň, telekeçiligiň we hususy önümçiligiň ösdürilmegi möhüm ugurlaryň biri bolup çykyş edýär. Bazar ykdysadyýetine geçilýän döwrümüzde döwlete dahylsyz pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Telekeçilik işini goldamak, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, amatly maýa goýum şertlerini döretmek hem-de hususy kärhanalara ýeňillikli salgyt we karz mümkinçiliklerini bermek bu ugurda möhüm çäreleriň biridir.

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki wagtda ýüze çykýan ugurlary bilen aýakdaş gitmek, halkara zähmet bölünişiginde mynasyp orny tapmak ýurdumyzyň ileri tutulýan maksatlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň ykdysady syýasaty dünýäde ykrar edilen usullardan ugur alyp, bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Şeýlelikde, ykdysadyýetimiziň halkara gatnaşyklarynda pugta orny eýelemegi üçin giň mümkinçilikler bar.

Her ýylda ýurdumyzda dürli döwletleriň telekeçileriniň gazanan üstünliklerine bagyşlanan halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler dünýäniň tejribesini öwrenmekde we ony milli önümçilige ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de, daşary ýurtlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmek, hyzmatdaşlygy giňeltmek telekeçiligi ösdürmekde möhüm orun tutýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin berk binýat kemala gelýär. “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy netijesinde daşary ýurt maýadarlary bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegi, maýa goýum mümkinçilikleriniň artmagy, amatly şertleriň döredilmegi telekeçilik işiniň çalt depginde ösmegine ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilige berilýän goldawlaryň netijesinde ýurdumyzyň hususyýetçiligi we telekeçiligi uly ösüşlere eýe bolýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna geçiş döwründe milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, döwlete dahylsyz pudagyň işjeňleşmegine uly itergi berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde, bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde we telekeçiligi goldamakda aýratyn tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir!

Gowşut BABAÝEW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
tehnologii THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Salgyt ulgamynda emeli aňyň tutýan orny

659f81f61a786633691135 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda we dünýäde ýaşlar telekeçiligiň ösüş

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop