659f81f61a786633691135 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda we dünýäde ýaşlar telekeçiligiň ösüş

19.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşlarynyň ähli ugurlarda, aýratyn-da telekeçilikde öz mümkinçiliklerini doly ýüze çykarmaklary üçin giň şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň mümkinçiliklerine uly sarpa goýmagy netijesinde ýurdumyzda ýaşlar telekeçiligi ösdürmekde möhüm ädimler ätilýär. Ýaş nesliň telekeçilik işine işjeň gatnaşmagy diňe bir olaryň şahsy ösüşine däl, eýsem ýurdumyzyň ykdysady ösüşine hem uly täsir edýär.

Ýurdumyzyň häzirki döwürde durmuşa geçirilýän maksatnamalarynda ýaşlaryň telekeçilik başarnyklaryny ösdürmek, täzeçil pikirleri önümçilige ornaşdyrmak, ýaşlaryň döredijilikli mümkinçiliklerinden peýdalanmak esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir. Döwlet tarapyndan ýaşlara ýeňillikli karzlaryň berilmegi, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, okuwlarda we ýokary okuw jaýlarynda telekeçilik boýunça ýörite dersleriň girizilmegi olaryň işewürlik tejribesini artdyrýar. Şeýle-de, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilen işewürlik merkezleri ýaşlara telekeçilikde ilkinji ädimleri üstünlikli atmaklaryna ýardam berýär.

Dünýä derejesinde hem ýaşlar telekeçiligi häzirki zaman ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp döwletlerde ýaş telekeçileriň innowasion işlerine goldaw bermek maksady bilen ýörite gaznalar döredilýär, ýeňillikli salgyt syýasaty ýola goýulýar. Ýaş telekeçiler maglumat tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, elektron söwda, ekologik arassa önümçilik ýaly ugurlarda täze pikirleri öňe sürmek arkaly ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşýarlar. Mysal üçin, dünýäniň köp ýurtlarynda ýaşlaryň döredýän kiçi we orta kärhanalary täze iş orunlaryny döretmekde hem-de bazarlaryň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýär.

Türkmen ýaşlary hem dünýä tejribesinden ugur alyp, täze iş ugurlaryny özleşdirýärler. “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegi ýaşlaryň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegine mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň telekeçilik mümkinçilikleriniň ösdürilmegi üçin halkara sergiler, maslahatlar we okuw sapaklary geçirilýär. Bu çäreler ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmäge, täze iş taslamalaryny amala aşyrmaga ýardam edýär.

Ýaşlaryň telekeçilikde işjeň gatnaşmagy olaryň özbaşdak ösüşine, döredijilikli pikirlerini durmuşa geçirmäge hem-de jemgyýetiň ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsir edýär. Şeýlelikde, ýaş telekeçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüş maksatnamalarynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. Türkmenistanda ýaş telekeçiligi döwlet tarapyndan goldanýan hem-de ýaşlaryň işewürlik dünýäsinde üstünlik gazanmaklaryna ýol açýan mümkinçiliklere baý ugur hökmünde ösmegini dowam etdirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň telekeçilige giňden gatnaşmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişliginde mynasyp orun eýelemegine, şeýle-de ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine uly itergi berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň telekeçilik işine giňden gatnaşmaklary üçin döredilen mümkinçiliklere çäksiz alkyş aýdýarys!

Azat AŞYRMUHAMMEDOW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
glawny 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri

fabrika formatov1758177567016 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýeňişli ýollarda ýol hereketini wagyz edýäris

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop