fabrika formatov1758177567016 THE ASHGABAT TIMES

Ýeňişli ýollarda ýol hereketini wagyz edýäris

19.09.2025

Ýakynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda «Ýaşyl yşyk» atly ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaş nesilleriň ýol hereketi we onuň düzgünleri baradaky düşünjelerini artdyrmak, bu ugurdaky okuw-terbiýeçilik işleriniň mazmunyny baýlaşdyrmak we tejribeleri artdyrmak, aýratyn zehinli, başarnykly çagalary ýüze çykarmak, olaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny mynasyp derejede gazanmak maksady bilen, her ýylda geçirilýän bäsleşigiň welaýat tapgyry guramaçylykly, baý mazmunly häsiýete eýe boldy.

Bu bäsleşik degişli düzgünnama esasynda geçirilip, etrap, şäher derejesindäki tapgyrlarda saýlanan toparlar dürli şertler boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň geçirilýän meýdançasynyň bezegi çäräniň mazmunyna we temasyna görä guralyp, ol öňde goýlan aýdyň maksada ýetmekde oňyn täsirini ýetirdi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda hödürlenen çykyşlar, okuw-usulyýet we görkezme serişdeleri, iş bukjalary bu ugurda alnyp barylýan işleriň we taýýarlygyň netijeleri boýunça görkezijiler emin agzalar tarapyndan seljerildi.

Bu bäsleşikde biziň çagalar bakja-bagymyzyň II uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň körpeleriniň terbiýeçisi Baş baýraga mynasyp boldy. Bu üstünlik bizi täze okuw ýylynyň ilkinji aýynda has netijeli işlemäge we geljege has uly ynam bilen gadam basmaga höweslendirdi. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda biziň ählimizi, bilim-terbiýeçilik işgärlerini we çagalar bakja-bagymyzda terbiýelenýän körpelerimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimize mynasyp sowat öwretmek, netijeli zähmet çekmek we milli bilim ulgamynyň ösüşlerine mynasyp goşantlary goşmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.

Gülşat ORAZOWA,
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
659f81f61a786633691135 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda we dünýäde ýaşlar telekeçiligiň ösüş

garassyz asgabat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleri

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop