18-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, göni maýa goýumlary çekmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň hem-de dünýäniň işewür jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biridir.
Forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy korporasiýalaryň ýokary wezipeli wekillerini, bilermenleri hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan foruma gatnaşyjylar iki günüň dowamynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler we gazanylýan üstünlikler bilen tanşyp, türkmen hyzmatdaşlary bilen maýa goýum taslamalaryny, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Forumyň işi «Strategik netijeliligiň şerti hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen badalga aldy. Soňra forum öz işini «Ygtybarly energetika durnuklylygy: Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan pudaklarynyň ösüşi» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. “Türkmenistanyň gurluşygynda we senagatynda täze meýiller hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly mejlisdäki çykyşlarda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli gurluşyk taslamalarynyň we önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň daşary ýurtly maýadarlar üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. “Türkmenistanda ygtybarly ulag-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösüşi. Ulag-logistika ulgamyna maýa goýumlar” atly mejlise gatnaşyjylar ygtybarly ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek meselesine ünsi çekdiler. Şeýle hem “Howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy we gaýtadan işleýän oba hojalyk senagatyna maýa goýumlar” atly mowzuklaýyn mejlisde çykyş edenler azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary, durnukly tejribeleri ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet düzümleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
«THE ASHGABAT TIMES».