bruce hough training THE ASHGABAT TIMES

UNFPA zenanlarda onkologiýa kesellerini bejermek boýunça hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga tehniki goldaw berýär

20.09.2025

Aşgabat, 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabry – 2025-nji ýylyň 16-18-nji sentýabry aralygynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy aýal-gyzlarda onkologiýa kesellerini bejermekde himoterapiýa geçirmek boýunça milli başarnyklary ýokarlandyrmak maksady bilen milli hünärmenler üçin okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyny UNFPA-nyň halkara geňeşçisi doktor Brýus Hof geçirdi.

Okuw maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň we ýurduň ähli welaýatlarynyň himoterapewt we onko-ginekolog lukmanlary ýatgy boýunjygynyň we süýt mäzleriniň täze döremelerini, şeýle-de täze döremeleriň başga görnüşlerini bejermegiň döwrebap usullaryny özleşdirdiler. Okuwa gatnaşyjylar ýatgy boýunjygynyň we süýt mäzleriniň täze döremelerini bejeregiň häzirki ýagdaýy we ol boýunça maslahatlar, şol sanda immunogistohimiýa we gen profilirlemesi bilen tanyşdylar. Şeýle-de beýleki onkologiýa keselleriniň, ýagny prostatanyň täze döremesi, limfoma we ýogyn içegäniň täze döremesini bejermegiň usullaryny öwrendiler.

Bu çäreler UNFPA-nyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň bir bölegi bolup, ol milli saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge we lukmançylyk işgärleriniň reproduktiw saglyk ulgamyndaky hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.


Doktor Brýus Oliwer Hof Amerikaly onkolog lukmany bolup, ol bu ugurda on ýyldan gowrak tejribä eýedir. Ol giňişleýin bilimlere eýe bolup, häzirki zaman tehnologiýalaryny we subutnama esaslanýan lukmançylygyň ýörelgelerini we köp ugurly çemeleşmeleri ulanýar. Doktor Hof Günorta Florida uniwersitetiniň Lukmançylyk kollejinde lukmanlyk derejesini aldy we Pittsburg uniwersitetinde gematologiýa/onkologiýa boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw geçdi. Öz işinde ol esasan süýt mäzleriniň kliniki onkologiýasyny bejermäge uly gyzyklanma bildirýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
halk maslahat logo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik ähmiýeti

img 20250916 184940 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda “Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk” sebitleýin taslamasynyň çäginde Bütindünýä Bankynyň halkara bilen duşuşyk geçirildi.

Soňkylar Habar

GitTop