Dark
Light
25.01.2026
img 20250916 184940 scaled THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda “Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk” sebitleýin taslamasynyň çäginde Bütindünýä Bankynyň halkara bilen duşuşyk geçirildi.

20.09.2025

Aşgabat, 16-njy sentýabr. “Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk” – azyk ulgamyny goramak, geljekde pandemiýanyñ öňüni almak” atly sebitleýin taslamanyň durmuşa geçirilmeginiñ çäklerinde Bütindünýä Bankynyň Oba hojalygy boýunça baş ykdysadyçisy jenap Pýer Gerber bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Döwlet weterinariýa gullugynyň adyndan duşuşyga Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow gatnaşdy we çykyş etdi.

Geçirilen işjeň pikir alyşmalaryň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, taslamanyň çäginde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen möhüm wezipeler hem-de çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Weterinariýa gullugynyň mümkinçiliklerini has-da berkitmek, epidemiologik gözegçilik ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýokanç we zoonoz keselleriniň öňüni almak we olary netijeli dolandyrmak boýunça öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Halkara bilermeni bilen geçirilen söhbetdeşlikde çykyş eden Arslan Soltanmyradow döwletimiziň azyk howpsuzlygynyň möhüm bölegi hökmünde weterinariýa ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň doly derejede düşünilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleriň ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, ministrler we pudak edaralaryñ arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini güýçlendirmäge we dürli howplara garşy ygtybarly mehanizmleri döretmäge hyzmat etjekdigi bellenildi.

“Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk” taslamasynyň amala aşyrylmagy sebitleýin we ähliumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär, şeýle hem ilatyň we haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn çemeleşmäni has-da berkitmäge ýardam edýär. Bu ugur bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan maksadydyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bruce hough training THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

UNFPA zenanlarda onkologiýa kesellerini bejermek boýunça hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga tehniki goldaw berýär

oifmpvbfjv THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÇÖREK BARADAKY YRYMLAR WE YNANÇLAR

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop