Dark
Light
25.01.2026
oifmpvbfjv THE ASHGABAT TIMES

ÇÖREK BARADAKY YRYMLAR WE YNANÇLAR

20.09.2025

Ata-babalarymyz çörege uly sarpa goýup gelipdir, sebäbi bugdaýy ekip, onuň saçaga çörek bolup gelýänçä, oňa adamyň näçe yhlas siňdirýänini göz öňüne getirip görüň!

Mundan başga-da, iýmit hökmünde çöregiň umumy tutup bilmek hiç hili nygmat bolup bilmez. Her kim ýola rowana bolanda, ýanyna, ilkinji nobatda, çörek alýar. Çöregiň mukaddes bolşy ýaly, onuň bişirilýän tamdyryny hem halkymyz mukaddes hasap edýär. Çöregi harlamak, tamdyra münmek ýa-da ony ýykmak günä hasap edilýär. Belent mertebeli kişileri duz-çörek, dürli tagamlar bilen hezzetlemek, halkyň arasynda belent adamkärçilik sypatlary hasap edilýär.

Çörek bilen baglanyşykly halkymyzyň arasynda birnäçe yrymlar, ynançlar döräp, durmuşda ulanylyp, ýaşlaryň arasynda olar öwüt-ündewlerde ulanylyp gelinýär.

  1. Saçagy boş goýmaly däl. Onuň içinde, iň bolmanda, bir döwüm çörek goýmaly.
  2. Harmanyň, tamdyryň, saçagyň , ojagyň ýanynda dyrnagyňy almak, saçyňy daramak günä hasap edilýär.
  3. Toýa jüp, ýasa täk çörek alnyp gidilmeli.
  4. Çöregi düňderip goýmak bolmaýar.
  5. Çörek iýlende, onuň ýanygyny, tamdyra ýapylanda, çörege ýapyşan kesegini aýyrmaly.
  6. Çöregi döweňde, iki eliň bilen döwmeli.
  7. Bütin çöregi iki tarapdan döwmeli däl.
  8. Çörekli saçagyň üstünden ätlemek bolmaýar.
  9. Hamyr edilende, kendirigi kim ýazsa, şol kişi hem ony ýygnamaly.

Halkymyzyň arasynda dowam edip gelýän çörege bolan mukaddes yrymlary, ynançlary berjaý etseňiz, siziň saçagyňyzyň rysgal-berekediniň hiç haçan egsilmejekdigi ikuçsuzdyr.

Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi”
Toý dabaralary merkeziniň
Medeni-usulyýet bölüminiň
usylyýetçi- maslahatçysy
Muhyýewa Gülşat Garajaýewna

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 20250916 184940 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda “Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk” sebitleýin taslamasynyň çäginde Bütindünýä Bankynyň halkara bilen duşuşyk geçirildi.

halk maslahat logo THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk Maslahaty – ýurduň beýik sütüni

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop