1747159593795 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanly tansçylar üçin döredijilik rezidensiýasy Almatada geçiriler

22.09.2025

ALMATY, KAZAGYSTAN — 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan 3-nji oktýabry aralygynda Gazagystanyň Almata şäherinde ýerleşýän Jolda Dance Theatre tarapyndan türkmenistanly tansçylar we horeograflar üçin ýörite döredijilik rezidensiýasy gurnalar. Bu çäre häzirki zaman tans sungatyny ösdürmäge gönükdirilen halkara taslamanyň — «Dance Turkmenistan!» — çäginde amala aşyrylýar.

1747159594008 1 THE ASHGABAT TIMES

Taslama Fransiýanyň Türkmenistandaky instituty tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Fransiýa we Italiýa döwletleriniň ilçihanalary, şeýle hem Gazagystandaky Goethe-Institut bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Maliýeleşdirilmegi bolsa EUNIC — Ýewropa Bileleşiginiň milli medeni institutlarynyň torunyň «European Spaces of Culture» maksatnamasy arkaly üpjün edilýär. Maksatnama ÝB-niň halkara medeni gatnaşyklary boýunça strategik çemeleşmesini öňe sürýär.

Iki hepdelik rezidensiýanyň maksady — tans sungatynda tejribe alyşmak, döredijilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek we täze sahna işleri bilen çykyş etmek üçin giňişlik döretmekdir. Gatnaşyjylar ýerli hünärmenleriň ussatlyk sapaklaryna gatnaşarlar, teatrlaryň we tans toparlarynyň wekilleri bilen duşuşarlar. Kuraatorlaryň ýolbaşçylygynda olar öz döredijilik taslamalaryny işläp taýýarlap, 3-nji oktýabrda açyk görkezilişde hödürlärler.

Rezidensiýanyň çäginde gatnaşyjylar Jolda Dance Theatre, Samruk häzirki zaman teatry, TEATRO89, ALMATY CREATIVE, TRANSFORMA, ArtKoshe teatry, Almaty sungat muzeýi, «Çelinnыý» häzirki zaman medeniýet merkezi bilen tanyşarlar. Şeýle hem olar kostýum dizaýneri Tamara Said, kompozitor we ses sungatçysy Ella Baisybaýewa, režissýor we köpugurly suratkeş Mark Kuklin bilen döredijilik duşuşyklaryna gatnaşarlar.

Rezidensiýanyň prodýuserleri — Jolda Dance Theatre-yň esaslandyryjysy Žanna Tulendy we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hünärmen Nafisat Ermagambetowa. Kuraatorlyk we tälimçilik topary: Artur Galimullin, Gülsaýa Taurhanowa, Mariýa Gubanova we Tomiris Mettybaýewa.

THE ASHGABAT TIMES bu döredijilik başlangyjyny häzirki zaman tans sungatynyň ösüşinde möhüm ädim hökmünde belleýär we gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
310122 01 resized 216ab0baddbc8fc2c48cfde5c41c6416e51d3edf 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 435 müň dollaryndan gowrak boldy

garassyzlyk bar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nurana geljegimiziň şamçyragy

Soňkylar Habar

GitTop