halk maslahat logo THE ASHGABAT TIMES

Döwletlilik ýörelgeleriniň dowamaty

23.09.2025

Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek diňe bir halkymyzyň asylly milli däpleriniň biri bolman, eýsem, demokratik ýörelgelerimiziň hem düýp mazmunydyr. Şu jähetden alanyňda, asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, miras hökmünde sarpalanýan bu milli ýörelgäniň nusgasyny özünde jemleýän, görüm-göreldäniň mekdebi bolup durýan Halk Maslahaty halkyň köňül telwasyna gulak goýmagyň, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň aýdyň mysalydyr.

Halk häkimiýetliliginiň, demokratik ýol-ýörelgeleriň dabaralandyrylmagy hut parahatçylykdan gözbaş alyp, halkymyzyň agzybirliginden habar berýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyz çuňňur mazmunly çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, halkymyzyň parahatçylyk medeniýetine ýokary baha berdi. Milli Liderimiz: «Bu ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýändigini buýsanç bilen bellemek isleýärin. Bu şygar biziň halkymyzyň parahatçylyga we dostluga, mydama ynanyşyp ýaşaşmaga bolan islegi bilen kemala gelendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda döwletimiz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç, elbetde, halkyň ýürek sesidir, arzuw-islegidir» diýmek bilen, «parahatçylyk» düşünjesiniň halkymyzyň baş maksadyna öwrülendigini nygtady.

Parahatçylyk beýik ösüşleriň özenini düzüp, döwletiň berkararlygyny pugtalandyrýar, dünýä ýüzünde bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen ajaýyp başlangyçlary öňe sürmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyndan, hemişelik Bitaraplygyndan gözbaş alýan beýik başlangyçlar bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe bolup, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwletli çözgütler bilen bir hatarda, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi hem parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerimiziň döwrebap mazmunda durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Görnüşi ýaly, tutumly işleriň, asylly ýörelgeleriň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda geçiriljek ählihalk forumy döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň, agzybirligiň we jebisligiň nobatdaky nusgasyna öwrüler. Goý, milli demokratik ýörelgelerimizi bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Aýnagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:45 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
0x2e3ryv6swtxu3batibvfrxarvtws 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

garassyzlyk surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlygy pugtalandyrmakda türkmen ýaşlarynyň orny

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop