Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen ulus-ilimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy wakalara şaýat bolýar. Şanly ýylymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Onuň işine jemgyýetçiligiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň giňden çekilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak däbi gadymdan bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu asylly däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny netijeli ulanmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Halk Maslahatynyň bu ugurdaky möhüm orny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halk Maslahatynyň mejlislerinde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenýär, döwrüň talaplaryna, täze ykdysady şertlere laýyklykda, häzirki döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Şeýlelikde, bu möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäre ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpleriň, döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini nobatdaky gezek aýan etdi. Halkymyzyň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýlar ATJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 103 toparynyň talyby.