Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 19-njy sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekip, ýurdumyzy yzygiderli, durnukly we okgunly ösdürmäge gönükdirilen baş ugruň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady. Bu maksatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň asylly işlerini mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän uzak möhletli hem-de köpugurly döwlet ösüş strategiýasynda öz beýanyny tapýar.
Şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitaraplygyň 30 ýyllygy giň gerimde bellenilýär. BMG-niň Awaza maslahaty bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen köp sanly çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. Munuň özi gadymdan bäri dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerýän türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy bolup durýar. Golaýda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň we Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň alamatydyr.
Ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň durmuşynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryny öz içine alýan maksatnamalaýyn özgertmeleriň we giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar we guwandyrýar. Gazanylýan üstünlikleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň oňyn netijesidir. Bu ynsanperwer ýörelgelerde düýpli özgertmeleriň many-mazmuny jemlenendir. Şol özgertmeler bolsa milletimiziň ruhy-maddy binýadyny, onuň taryhy tejribesini berkidip, täze döwrüň kuwwaty, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy üçin ajaýyp mümkinçilikleri açdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ykbalynda şöhratly taryhdyr, täze üstünliklere we belent sepgitlere ýetmek üçin mundan beýläk-de gujur-gaýratly, maksada okgunly hereket etmegiň döwrüdir. Halkymyz agzybirlik we jebislik bilen şol beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýar.
Güneş ÝANGIBAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň I ýyl talyby.