halk maslahaty THE ASHGABAT TIMES

Halk Maslahaty – döwletliligiň ýörelgesi

21.09.2025

Watan mukaddesligine göterýän, millionlarça adamy jebis millet derejesine ýetirýän duýgy-düşünjeler, ýodalary şaýola öwren asylly ýörelgeler, garaşsyz ösüşiň menzillerinde ýetilen sepgitlerdir nazarlanýan gözýetimler — bularyň ählisi, ynha, Garaşsyzlyk toýumyzyň bosagasynda, 19-njy sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde aýdyň beýanyny tapdy. Halk Maslahatynyň ulus-ili birleşdirip, uly geljege ruhlandyryp duran döwletlilik döwresidigini bu mejlis ýene bir ýola aýan-aýdyň tassyklady. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýär. Onuň işine jemgyýetçiligiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň giňden çekilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Elbetde, maslahatlaşylyp edilýän işiň rowaçlyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan baý tejribe aýdyň şaýatlyk edýär. Her bir işde il-halka geňeşmek nesilbaşymyz Oguz handan başlap, ähli parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletlilige, kanunylyga we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýolunyň häzirki wagtda döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň beýanydyr.

Umumymilli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk — bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.

Ýokary guramaçylykly geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlara laýyklykda, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna netijeli durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna kuwwatly itergi berer. Şunda halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi, sebitlerde gazanylýan zähmet üstünlikleri bu umumymilli forumda kabul edilen kararlarda, çözgütlerde öz beýany tapýar.

Goý, halkymyzyň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Amira ASTANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
halk maslahat logo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mizemez bitewüligiň kepili

halk mas 2025 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk paýhasynyň nusgasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop