garassyz asgabat THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik ähmiýeti

21.09.2025

Türkmen halky «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşene giň dünýä» ýaly ençeme parasatly sözleri döredipdir. Munuň özi ata-babalarymyzyň il-ýurt bähbitli meseleleri maslahatlaşyp çözmekligi durmuş ýörelgesine öwrendiklerini görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de halkymyzyň şeýle asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna uly ruhubelentlik, zähmet üstünlikleri bilen barýan günlerimizde, 19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem munuň aýdyň mysaly boldy. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütler halkymyzy täze, belent maksatlara ruhlandyrýar. Olar ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütleriň biri-de ýurdumyzda täze etraplaryň döredilmegidir. Elbetde, munuň özi döwletli Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmeleriniň has netijeli durmuşa geçirilmeginde, ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmeginde, milli ykdysadyýetimiziň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylmagynda örän ähmiýetlidir.

Umumymilli forumda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri boýunça guramaçylyk toparynyň agzalary täze etraplary döretmek bilen bagly teklipleri öwrenmek, ýüztutmalary seljermek we maslahatlaşmak maksady bilen welaýatlarda iş saparynda boldular. Şeýlelikde, Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabyny, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk hem-de Gubadag etraplaryny, Lebap welaýatynda Döwletli, Farap, Garabekewül etraplaryny, şeýle hem Mary welaýatynda Oguz han etrabyny döretmek teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň we zähmetsöýer daýhanlarynyň haýyşnamalarynyň göz öňünde tutulyp, täze etraplary döretmek barada öňe sürlen teklipleriň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda bolsa, Mejlisiň karary bilen döredilen täze etraplaryň häkimlikleri döredildi. Şeýle işler ýurdumyzda adam hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän uly aladalardan nyşandyr.

Çynar ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň Mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 111 toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
garassyz halk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlyk – döwletliligiň binýady

chat gpt openai 1300x731 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ChatGPT nähili işleýär?

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop