halk mas 2025 THE ASHGABAT TIMES

Halk paýhasynyň nusgasy

21.09.2025

Halkymyz «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimleri döredip, ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işi maslahatlaşyp, geňeşli iş başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz demokratik özgerişler ýoly bilen syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Şu jähetden, jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmekde taryhy ähmiýetli orna eýe bolan bu ählihalk forumynyň gün tertibine girizilýän wezipeler hem mähriban ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýär. Şunda halkyň abadan durmuşynyň, bagtyýarlygynyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň ajaýyp alamatlary ähli ugurlar boýunça seljerilýär. Täze eýýamymyzyň döredijilik ruhunda amala aşyrylýan beýik işler, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi, sebitlerde gazanylýan zähmet üstünlikleri bolsa Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän kararlarda, çözgütlerde öz beýany tapýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, köp çagaly maşgalalara we döwlet kömegine mätäçlere hemaýat bermek ýaly zerur işler bökdençsiz alnyp barylýar. Täze gurulýan obalar we şäherler gülläp ösüşiň ajaýyp güwäsi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň hem-de awtomobil köprüleriniň açylyp ulanmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.

Görnüşi ýaly, şeýle tutumly işleriň, asylly ýörelgeleriň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr. Goý, mundan beýläk-de halkyň bähbidine, döwletimiziň ösüşine, il-günümiziň asuda, bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen özgertmeler rowaçlyklara beslensin!

Sare ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
halk maslahaty THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halk Maslahaty – döwletliligiň ýörelgesi

garassyz halk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk – döwletliligiň binýady

Soňkylar Makalalar

«Horezm» sözüniň manysy

06.12.2025
Türkmen halkynyň her bir daban ýeri taryhyň möhüm wakalaryndan, bahasyna ýetip bolmajak pursatlaryndan habar berýär. Gojaman türkmen topragynyň her ýerinde ata-babalarymyzdan miras galan gadymy

Zenanlar – jemgyýetiň işjeň bölegi

06.12.2025
Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap

Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy

05.12.2025
Haýsy ýurtda baýramlar baýramlara, toýlar toýlara ulaşýan bolsa, şol döwletde bagtyýarlygyň höküm sürýändiginden, halkyň agzybirliginden, jemgyýetiň abadanlygyndan, şol ýurtda ägirt uly ösüşleredir üstünliklere eýe

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop