garassyz halk THE ASHGABAT TIMES

Halkda Hakyň ady bar

24.09.2025

Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 19-njy sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekip, ýurdumyzy yzygiderli, durnukly we okgunly ösdürmäge gönükdirilen baş ugruň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady. Bu maksatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň asylly işlerini mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän uzak möhletli hem-de köpugurly döwlet ösüş strategiýasynda öz beýanyny tapýar.

Halk häkimiýetliliginiň, demokratik ýol-ýörelgeleriň dabaralandyrylmagy hut parahatçylykdan gözbaş alyp, halkymyzyň agzybirliginden habar berýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyz çuňňur mazmunly çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, halkymyzyň parahatçylyk medeniýetine ýokary baha berdi. Milli Liderimiz: «Bu ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýändigini buýsanç bilen bellemek isleýärin. Bu şygar biziň halkymyzyň parahatçylyga we dostluga, mydama ynanyşyp ýaşaşmaga bolan islegi bilen kemala gelendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda döwletimiz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç, elbetde, halkyň ýürek sesidir, arzuw-islegidir» diýmek bilen, «parahatçylyk» düşünjesiniň halkymyzyň baş maksadyna öwrülendigini nygtady.

Parahatçylyk beýik ösüşleriň özenini düzüp, döwletiň berkararlygyny pugtalandyrýar, dünýä ýüzünde bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen ajaýyp başlangyçlary öňe sürmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyndan, hemişelik Bitaraplygyndan gözbaş alýan beýik başlangyçlar bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe bolup, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwletli çözgütler bilen bir hatarda, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi hem parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerimiziň döwrebap mazmunda durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Umuman, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň bagtyýar geljegine, abadan ýaşaýşyna gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegi, öňde goýlan wezipeleriň kesgitlenilmegi her bir ildeşimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şeýle hem ähli watandaşlarymyzy ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge borçlandyrýar.

Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
mg 7051 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim – bagtyýar ösüşleriň binýadydyr

garas 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk toýuna barýarys!

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop