Parasatly pederlerimiz: «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly aýtgylary döredip, her bir işde il-halka geňeşipdirler. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, bilim almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Bu taglymat täze taryhy eýýamyň milli ideologiýasy bolmak bilen, agzybirligi, bitewüligi berkitmekde, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly we maksada okgunly hereket etmekde çelgi-ugur hökmünde hyzmat edýär. Bu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uly bolmagynda galýar.
Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýaş nesilleriň ähli babatda kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.