halk maslahat logo THE ASHGABAT TIMES

Mizemez bitewüligiň kepili

21.09.2025

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasynyň belent nusgasydyr. Onda ýurduň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan dürli meseleleriň oňyn çözgüdi ara alnyp maslahatlaşylýar. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilen döwletli geňeşde hem Watanymyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän wajyp çözgütler kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» diýen sözlerinde bu wekilçilikli edaranyň döredilmeginiň esasy maksady şöhlelenýär. Halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesinden, iň wajyp meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alnyp, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilip, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman şertlerine kybapdaş senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny üpjün etmek babatda netijeli işler alnyp barylýar, düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde bu taryhy maslahatyň ägirt uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýarys.

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:48 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
halk mas 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halk demokratiýasynyň kämil nusgasy

halk maslahaty THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk Maslahaty – döwletliligiň ýörelgesi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop