mikrokomp THE ASHGABAT TIMES

Mikrokompýuterler rewolýusiýasy

24.09.2025

Mikrokompýuterler 1970-nji ýyllarda kompýuter söýüjiler tarapyndan şahsy maksatlary üçin döredilip başlanypdyr. Emma az wagtyň dowamynda mikrokompýuterler hemmeleriň göwnünden turmagy başardy.

1975-nji ýylda IBM kompaniýasy ilkinji kiçi göwrümli IBM 5100 kysmy kompýuteri hödür etdi. Häzirki zaman şahsy kompýuterleriň ilkinji görnüşini bolsa Apple kompaniýasy hödür etdi. Kompýuterleri operasion sistema degişli programmalaryň esasynda işletmeklik ilkinji hatarda Apple, soňra Microsoft kompaniýasy girişýär.

Kompýuter programmalary kompýuteri işe goýberýän programma üpjünçiligidir. Programma üpjünçiligi iki sany esasy topara bölünýär: sistematiki programma üpjünçiligi we applikasýon programma üpjünçiligi. Sistematiki programma üpjünçiligi kompýuteri işe goýberip, ulanmaklyga mümkinçilik berýär. Başgaça aýdanymyzda, awtoulagy otlap berýär. Applikasýon programma üpjünçiligi bolsa, kompýuterde etjek bolýan işlerimizi ýerine ýetirmeklik üçin ulanylýar. Ýagny awtoulagy sürmeklige mümkinçilik berýär. Netijede, applikasýon programma üpjünçiligi gerek bolan işimizi ýerine ýetirip berýär. Meselem, tekst ýazmak, aýdym diňlemek, surat işlemek we ş.m.

Apple we Microsoft dünýäde şahsy kompýuterler üçin ilkinji bolup applikasýon programma üpjünçiliginiň üstünde işlän şahsy kompýuterler adamlaryň arasynda , bazar söwdasynda, we ylymda uly abraýa eýe boldy. Dünýä ýüzüniň ähli künjeklerinde adamlar özlerine şahsy kompýuterleri satyn alyp başladylar. Şunluk bilen hem kompýuter rewolýusiýasy başlady.

Aziz ERGEŞOW,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň häzirki zaman kompýuter mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sport umumy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sportuň etikasy we estetikasy

the bomb life lagos nigeria travel guide where to eat where to stay where to shop claire sulmers fashion bomb daily THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lagos şekillerde ýaşaýar: suratkeşler şäher durmuşynyň ýitirilen fotosuratlaryny halas edýärler

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop