Dark
Light
25.01.2026
aeqpk6qr04lqh2v985tjti1vznybll 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşygy

24.09.2025

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, medeniýetler we dinler arasyndaky dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň meýdançasyny parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek mowzugyny öňe sürmek üçin işjeň ulanmaga taýýardygyny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň gatnaşmagynda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde bilelikdäki çäreleri we taslamalary geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak başlangyjy öňe sürüldi.

Şeýle hem, ÝUNESKO-nyň hem-de Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň howandarlygynda sebitiň ýurtlarynyň, halkara bilermenleriň we edaralaryň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şeýle-de parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýeti boýunça Ählumumy sammiti geçirmek baradaky Türkmenistanyň teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar parahatçylygyň we özara hormat goýmagyň bähbidine hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly bellenen ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillerini beýan etdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mfiyeoodfhhsnoruvthwwmepgxzwuu 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy

9 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly ykdysadýet: geljegiň binýady

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop