Sanly ykdysadyýet häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Dünýäniň ähli ýurtlarynda bolşy ýaly, ýurdumyzda hem sanlylaşma ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda täze mümkinçilikleri açylýar. Sanly tehnologiýalar arkaly döwlet we hususy sektorda hyzmatlar has çalt we netijeli amala aşyrylýar. Elektron hökümet ulgamy, onlaýn bank hyzmatlary, sanly söwda platformalary halkyň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirýär.
Sanly ulgamlar arkaly maglumatlaryň açyk saklanylmagy we yzarlanyp bilinmegi korrupsiýanyň öňüni alýar. Bu bolsa döwlet dolandyryşynda hasabatlylygy we halk bilen aragatnaşygy güýçlendirýär. Sanly ykdysadyýet IT hünärmenlerinden başlap, onlaýn marketing, grafiki dizaýn, sanly hyzmatlar ýaly täze ugurlarda iş orunlaryny döredýär. Bu bolsa ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine oňyn täsir edýär.
Sanly platformalar arkaly ýerli önüm öndürijiler dünýä bazaryna çykyp bilýärler. Elektron söwda we sanly marketing eksporty artdyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýet bilim ulgamynda hem uly täsir edýär. Onlaýn okuwlar, sanly kitaplar, interaktiw platformalar arkaly bilim elýeterli we döwrebap bolýar. Bu bolsa innowasiýalaryň ösmegine ýol açýar.
Sanlylaşma kagyz ulanyşyny azaltmak, uzakdan işlemek we elektron aragatnaşyk arkaly daşky gurşawa ýetirilen zyýany peseltmäge kömek edýär. Sanly ykdysadyýet diňe bir tehnologiýa bilen baglanyşykly däl, eýsem jemgyýetiň ähli gatlaklaryna täsir edýän giňişleýin ösüş strategiýasydyr. Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işler ýurduň halkara derejesindäki ornuny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Selbi BABAÝEWA
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby