Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin iň gowy şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Garaşsyz döwlet — munuň özi diňe bir özygtyýarlylygy we öz ykbalyňy özüň kesgitlemegi däl, eýsem, dünýä bilen aýakdaş gitmegi hem aňladýar. Ýurdumyzda ýokary depginli, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we onuň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletimiziň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, olary gaýtadan işlemek, halk hojalygy üçin zerur bolan ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek işleri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Bularyň ählisi raýatlary iş bilen üpjün etmek, mynasyp we öndürijilikli zähmete ýardam bermek babatda ileri tutulýan maksatlar bilen utgaşýar.
Ösüşleriň oňyn alamatlarynyň ýene biri ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerini nazarlamagynda, halkara borçnamalaryna ygrarly bolmagynda aýdyň şöhlelenýär. Türkmenistan halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarda esasy ölçeg hökmünde gyşarnyksyz berjaý edýär, olary milli kanunçylyga yzygiderli ornaşdyrýar. Häzir Bitarap Watanymyz sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde ýokary abraýa eýedir. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri Milli Liderimiziň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatyň netijesi bolup durýar. Bu syýasat döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň alnyndan ak Gün bolup dogan uly bagt. Ol bagtyň eşretini erkin, parahat durmuşymyzda hemmetaraplaýyn duýýarys we görýäris. Syýasy durnuklylyk, gysga wagtyň dowamynda gazanylan ýokary gülläp ösüş, asudalyk, agzybirlik, belent maksatlar, parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlar Türkmenistanyň has nurana, has beýik geljeginiň binýadyny berkden tutýar.
Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.