Maple, Zayu we Clutch futbol baýramyna medeni öwüşgin getirýär



FIFA 2026-njy ýylda Kanada, Meksika we ABŞ-da geçiriljek Dünýä Kubogy üçin üç resmi maskotyny hödürledi. Her bir ýurt öz medeniýetini görkezýän nyşan bilen wekilçilik edýär: Kanada üçin Maple (Moose), Meksika üçin Zayu (Jaguar), ABŞ üçin bolsa Clutch (Bald Eagle).
Maple — Kanada boýunça döredijilik bilen gezýän, uličny stil bilen tanalýan derwezeban. Zayu — Meksikanyň günorta tokaýlarynda ýaşaýan hüjümçi, güýç, çeýelik we medeni buýsanjy alamatlandyrýar. Clutch — ABŞ boýunça uçýan, optimizm we agzybirlik bilen doly ýarym goragçy.
Bu maskotlar FIFA Heroes atly täze wideo oýunda, harytlarda we janköýer çärelerinde peýda bolar — bu futbolyň sanly döwrüne geçişini alamatlandyrýar.
“Maple, Zayu we Clutch şatlyk, energiýa we agzybirlik ruhuny özünde jemleýär — FIFA Dünýä Kubogy ýaly,” diýip FIFA-nyň prezidenti Gianni Infantino aýtdy