Dark
Light
25.01.2026
halk 25 THE ASHGABAT TIMES

Geňeşli il — döwletli il

26.09.2025

Häzirki wagtda merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanylyp, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Şu jähetden, 19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilip, halk bähbitli taryhy çözgütleriň kabul edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şöhratly ata-babalarymyzyň mizemez ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Toý-baýramlara beslenýän ajaýyp zamanamyzda halka sala salmak, geňeş etmek ýaly asylly ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsandyryjydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ajaýyp hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrdy. Ählihalk forumynyň esasy aýratynlygy jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan dürli kärdäki, dürli ýaşdaky raýatlaryň öz pikir-garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçiligiň döredilýänligindedir. Beýik tutumlara badalga beren bu taryhy forum halk bilen döwletiň bitewüligini ýene bir gezek aýan etdi.

Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Şunuň bilen baglylykda, umumymilli forumda halk bähbitli, ýurt ähmiýetli çözgütler kabul edilip, döwletli tutumlara badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eden çuň manyly çykyşlary, il-ýurt bähbitli kabul edilen çözgütler ildeşlerimizde bimöçber hoşallyk duýgusyny döretdi. «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, welaýatlarymyzda täze etraplaryňdyr olaryň häkimlikleriniň döredilmegi, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy gurmak hakynda Karara gol çekmegi ýaly wajyp çözgütler her birimiziň buýsanjymyzy artdyrdy.

Agamerdan ALLABERDIỲEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Rus dilini öwretmekde tejribelerimizi artdyrýarys

halk mas 2025 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk paýhasynyň nusgasy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop