Dark
Light
25.01.2026
bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES

Ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi

23.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan bilim syýasaty hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ony dünýäniň ösen derejesine ýetirmäge uly üns berilýär. Çünki ylym-bilim ulgamy islendik ýurduň ösüşinde ähmiýetli orna eýedir.

Milli Liderimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky Gutlag sözünde: «Berkarar döwletimiziň nurana geljegi şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimi we terbiýesi bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň beýik işlerimizi üstünlikli dowam etdirmek ýaşlaryň paýyna düşýär» diýip belledi. Şu jähetden hem döwrebap bilimlerden habarly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar.

Ussat hünärmenler milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna, ýurduň halkara abraýynyň artmagyna hem-de halkara gatnaşyklarynyň ilerlemegine mynasyp goşant goşýarlar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Bu ulgamy ösdürmäge maýa goýumlar gönükdirilýär, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

halk maslahat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoly

international day of peace halkara parahatlyk guni 960x641 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara Parahatçylyk güni

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop