Dark
Light
24.01.2026
images 1 1 THE ASHGABAT TIMES

Kiberhowpsuzlyk – maglumatlaryň goraglylygy

30.09.2025

Dünýäde sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen maglumatlaryň ulanylyşy, saklanylşy we alyş-çalyşygy has-da giňeldi. Bu ýagdaý täze mümkinçilikler bilen bir hatarda, täze howplary hem döretdi. Şolaryň arasynda iň wajyp meseleleriň biri kiberhowpsuzlyk, ýagny maglumatlaryň goraglylygydyr. Kiberhowpsuzlyk diňe bir döwletler üçin däl, eýsem kärhanalar, hususy ulgamlar we her bir raýat üçin hem möhüm bolup durýar.

Kiberhowpsuzlyk – bu maglumat ulgamlarynyň, torlarynyň we elektron serişdeleriniň ygtyýarsyz girişlerden, maglumat ogurlygyndan, üýtgedilmeginden ýa-da ýok edilmeginden goralmagyny üpjün edýän çäreleriň toplumydyr. Ol diňe tehniki däl, eýsem kanunçylyk, guramaçylyk we bilim taýdan hem üpjün edilmegi talap edýär.

Maglumatlaryň goralmagynyň ähmiýeti

  1. Döwlet howpsuzlygy – Döwlet gurluşlarynyň maglumat ulgamlary daşary ýurtlylar tarapyndan ogurlansa ýa-da bozulsa, ýurduň milli howpsuzlygyna uly zyýan ýetirip biler.
  2. Maliýe ulgamynyň durnuklylygy – Bank ulgamlaryndaky maglumatlaryň goralmagy, müşderileriň hasaplarynyň we serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär.
  3. Şahsy maglumatlaryň goragy – Adamlaryň şahsy maglumatlary, telefon belgileri, kart maglumatlary, suratlary we beýleki maglumatlary ogurlansa, olaryň hukuklary bozulýar.
  4. Kärhanalaryň bähbidi – Kompaniýalaryň içerki maglumatlary, tehnologiýa syrlary we şertnamalary ogurlansa, olar bäsdeşlikde yza galyp bilerler.

Kiberhowpsuzlyk häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň biridir. Maglumatlaryň goraglylygy diňe bir döwletiň milli howpsuzlygyna däl, eýsem her bir raýatyň şahsy hukuklaryna, jemgyýetiň durnukly ösüşine hem gönüden täsir edýär. Şonuň üçin kiberhowpsuzlygy üpjün etmek – döwletiň, kärhanalaryň we her bir şahsyýetiň umumy jogapkärçiligidir.

Süleýman SUWHANOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika Institutynyň talyby



Leave a Reply

Your email address will not be published.

12 9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdumyzda kiberhowpsuzlyk ulgamy kanunlaşdyrylmagy

images 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Jemgyýetiň ösüşiniň hereketlendiriji güýji

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop