Aşgabat, 2025-nji ýylyň 25-nji sentýabry – 2025-nji ýylyň 23-25-nji sentýabry aralygynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy demografik barlaglar we maglumatlary derňemek boýunça milli hünärmenler üçin üç günlük okuw maslahatyny gurady. Bu çäre ýurtda ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän Reproduktiw islegleri öwrenmek boýunça syna taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy. Okuw maslahatyny UNFPA-nyň halkara hünärmeni, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki Hajettepe uniwersitetiniň Demografiýa barlaglary institutynyň direktory, professor doktor Ismet Koç geçirdi.
Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar syny geçirmegiň usullaryny özleşdirdiler, maşgalanyň islenilýän ululygy, çagalaryň dogulýan wagty we dogluşa täsir edýän faktorlar barada maglumatlary toplamak boýunça bilim aldylar. Reproduktiw saglyk hyzmatlaryndan peýdalanmak, gender dinamikasy we jemgyýetçilik kadalary ýaly mowzuklara aýratyn üns berildi. Şeýle-de, okuw maslahaty milli hyzmatdaşlaryň maglumatlary ýygnamak, netijeleri hemmetaraplaýyn derňemek we teklipleri işläp taýýarlamak boýunça hem bilimlerini artdyrmaga ýardam etdi.
Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar syny geçirmegiň teoretiki usullaryny we metodologiýasyny, syn üçin gerekli maglumatlary kesgitlemek we saýlap almagyň, maglumatlary jemlemegiň we netijeleri hemmetaraplaýyn derňemegiň hem-de teklipleri işläp taýýarlamagyň tehniki endikleri özleşdirdiler. Bu barlag reproduktiw islegleri, çagalaryň islenilýän we hakyky sanynyň arasyndaky tapawudy hem-de dogluşa täsir edýän faktorlara düşünmek ýaly maksatlary öz içine alýar.
Bu çäre UNFPA-nyň Türkmenistana syn geçirmegiň usulýetini işläp taýýarlamakda, ony geçirmekde we soňra netijelerini derňemekde berýän hemmetaraplaýyn goldawynyň bir bölegi bolup durýar. Alnan maglumatlar ýurduň durnukly ösüşine gönükdirilen syýasaty we maksatnamalary işläp taýýarlamak, şeýle-de ilatyň zähmet ýaşyndaky bölegini demografik diwidend hökmünde ulanmak üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolar.
Professor doktor Ismet Koç demografiýa barlaglary we giň gerimli demografiýa synlary boýunça 30 ýyldan gowrak tejribä eýe bolan demograf hünärmenidir. Ol Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki Hajettepe uniwersitetiniň Demografiýa barlaglary institutynyň professory we direktorydyr. Doktor Koç baý tejribä eýe bolup, ol köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Demografiýa we Saglyk barlaglarynyň (TDHS) köp sanly tapgyrlarynyň çäklerinde sebit utgaşdyryjysy hökmünde işledi. Ol halkara tejribesine hem eýe bolup, olaryň arasynda onuň 2002-nji ýylda Aşgabat şäherinde demografik derňewler boýunça geçiren okuw maslahatyny görkezmek mümkin.