Düýn, 28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şu gezekki baýramçylyk at çapyşygy döwrebaplaşdyrylan atçylyk sport toplumynda geçirildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy, asylly däbe görä, şowhunly toýhanany ýada salýan baýramçylyk at çapyşyklary bilen jemlendi. Olaryň geçirilen ýerinde, ýagny Aşgabat atçylyk sport toplumynda paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň hem-de ähli welaýatlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary, şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eserleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň sergi diwarlyklary toýçy märekä ruhy lezzet paýlady. Aýdym-sazly dabaralardan soňra, behişdi bedewlerimiziň janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan at çapyşyklaryna badalga berildi. Uly toýuň şanyna guralan at çapyşyklary jemi ýedi çapuwdan ybarat bolup, jemleýji ýaryşda ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradow ýeňiş gazandy.
«THE ASHGABAT TIMES».