Dark
Light
25.01.2026
garassyzlykbs 1 THE ASHGABAT TIMES

Nurana geljegimiziň şamçyragy

26.09.2025

Paýhasly pederlerimiziň gursagynda umyt bolup körän, şuglaly ýyldyz bolup, ak ýollara alyp gaýdan Garaşsyzlyk halkymyza ösüşleriň altyn sahypasyny açdy. Garaşsyzlygymyzyň beren bagty alnyp barlan belent maksatly işlerde, taryhy senelerde, ýurdumyzyň ösüşlerinde aýdyň beýanyny tapýar.

Garaşsyzlyk bagtyýarlygymyzyň, erkinligimiziň güwäsi bolup, ol merdana halkymyzyň geçmişini, şu gününi hem-de geljegini şöhlelendirýän gymmatlykdyr. Ata Watanymyzyň goşa ganatyna deňelýän Garaşsyzlygymyz hem-de bütin dünýäde belent ykrara eýe bolan hemişelik Bitaraplygymyz her bir ösüşlerimiziň, döwletli işlerimiziň gözbaşydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri­biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr» diýip belleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň depginli ösüşini pugtalandyrmak maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen obadyr şäherçeleriň, medeni-durmuş, önümçilik maksatly birnäçe binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Umuman, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren datly miwesidir. Çünki asudalygyň, agzybirligiň, ynanyşmagyň bar ýerinde ösüş-özgerişler ýokary bolýar. Goý, bereketli desserhanlarymyzyň datly nygmatlary egsilmesin, halkymyz hemişe bagtyýar durmuşda ýaşasyn! Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň 34 ýyllygy ähli ildeşlerimize şatlyk, söýgi hem-de bagt paýlasyn! Ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

jsisomylreowqsvwz5n4fgyrfr6fwy 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

6123b2f0 865f 11f0 8c3f f11535c1796a THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaýda tapylan gadymy kelle süňki adam ewolýusiýasynyň senesini üýtgedip biler

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop