Häzirki zaman jemgyýeti sanly ösüş döwründe ýaşaýar. Dünýäniň ähli ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistandam hem sanly ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Sanly ulgam diňe bir täze tehnologiýa däl, eýsem ykdysadyýetiň, ylym-bilimiň we jemgyýetiň ähli pudaklarynyň öňe gitmeginiň möhüm serişdesidir.
Sanly ulgamyň ilkinji mümkinçilikleriniň biri aragatnaşygyň we maglumat alyş-çalyşynyň ýeňilleşmegidir. Öň adamlaryň arasynda habarlaşmak üçin hat ýazmak ýa-da uzak wagtlap garaşmak zerur bolsa, häzirki wagtda internet arkaly birbada ýüzlerçe kilometr aralykdaky adam bilen göni söhbetdeş bolup bolýar. Bu mümkinçilik işewürlik gatnaşyklarynda, dost-dogan bilen habarlaşmakda we bilim almakda aýratyn uly ähmiýete eýedir.
Ikinji mümkinçilik – bilim ulgamyndaky sanly hyzmatlar. Elektron kitaplaryň, wirtual sapaklaryň, onlaýn kurslaryň kömegi bilen islendik ýaşdaky adam özüňi kämilleşdirip bilýär. Türkmenistanda hem sanly bilim ulgamyna uly üns berilýär, okuwçylara we talyplara elektron sapaklar, testler we elektron kitaplar elýeter edilýär.
Üçünji mümkinçilik – döwlet hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy. Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda döwlet hyzmatlarynyň köpüsi elektron görnüşde alnyp barylýar. Türkmenistanda hem elektron hökümet ulgamy giňden ornaşdyrylýar: raýatlar öýden çykmazdan dürli resminamalary tabşyryp, zerur maglumatlary alyp bilýärler. Bu wagty tygşytlaýar we raýatlara ýeňillik döredýär.
Dördünji mümkinçilik – ykdysadyýetde we söwdada peýdasy. Elektron bank hyzmatlary, onlaýn bazarçylyk, sanly töleg ulgamlary adamlaryň işini ýeňilleşdirýär. Häzirki wagtda öýden çykmazdan internet arkaly islendik harydy satyn almak ýa-da hyzmat üçin töleg etmek mümkin. Bu hyzmatlaryň giňden ulanylmagy söwda ulgamynyň ösmegine we bäsdeşligiň artmagyna sebäp bolýar.
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri diňe bir ykdysadyýet bilen çäklenmeýär. Saglygy goraýyşda telemedisina hyzmatlary arkaly lukmanlar näsaglary uzakdan maslahat berip bilýärler. Medeniýetde bolsa sanly maglumatlaryň kömegi bilen milli miraslarymyz dünýä ýüzünde wagyz edilýär.
Elbetde, sanly ulgamyň peýdasy bilen bir hatarda kynçylykly taraplary hem bar. Mysal üçin, internetiň nädogry peýdalanylyşy ýaşlaryň wagtyny gereksiz peýsmarlamaga alyp gelýär. Şeýle hem maglumat howpsuzlygy we kiberhowplar meselesi möhüm bolup durýar. Şol sebäpli sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmek bilen bir hatarda, onuň howplaryna garşy hem taýýar bolmak zerurdyr.
Netijede, sanly ulgam häzirki döwrüň iň uly ösüşleriniň biridir. Ol bilimde, ykdysadyýetde, saglygy goraýşynda we medeniýetde adamlara täze mümkinçilikler açýar. Her birimiz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy öwrenmeli, ony jemgyýetiň ösüşi üçin dogry we ýerlikli ulanmaly.
Nurýagdy ALLABERDIÝEW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika Institutynyň talyby