Dark
Light
24.01.2026
man working computer internet journalism global media concept 50804494 THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzda žurnalistikanyň ösüşi

01.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň žurnalistikasy täze ösüş basgançaklaryna çykýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwrebaplaşdyrylýar, ýaş žurnalistleriň hünär derejesi ýokarlandyrylýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara gatnaşyklary instituty hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýaly ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim berilýär. Bu bilim ojaklarynda diňe bir žurnalistika däl, eýsem täze tehnologiýalar bilen işleşmek, maglumatlary seljermek, jemgyýetçilik pikirini öwrenmek ýaly dersler hem girizilýär.

Žurnalistika ýaşlaryň dünýä bilen baglanyşygyny güýçlendirýär. Döwrebap habar beriş serişdeleri ýaş nesliň erjelligini, giň dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyz: «Žurnalistler döwrüň täzelikleri bilen aýakdaş gitmelidir» diýip belleýär.

Žurnalistikanyň taryhy hem baý. XIX asyryň ahyrynda rus dilinde çykarylan “Zakaspiýskoýe obozreniýe” gazetinden başlap, XX asyrda türkmen dilinde kanuny we kanuny däl gazet-žurnallar peýda boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa, metbugat düýpgöter özgertmelere sezewar boldy: täze milli neşirler döredildi, telewideniýe we radio gepleşikleri millilige ýugruldy.

Žurnalistika diňe bir habar bermek däl, eýsem jemgyýetiň ösüşine täsir edýän güýçli guraldyr. Türkmenistanda bu ugurda döredilen mümkinçilikler ýaşlaryň döredijilik ukybyny kämilleşdirmäge giň ýol açýar.

Meňli ATAMYRADOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garassyz halk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Eziz Diýarym – ösüşleriň mekany

original THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kofe bilen başlaýan ruhy syýahat

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop