mid biskek 1 THE ASHGABAT TIMES

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

01.10.2025

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy A.Grawe bilen bilelikde gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Maslahata daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Gyrgyzystandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, syýasatşynaslar we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyny we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürendigi bellenildi.

Sebit we ählumumy durnuklylygy üpjün etmek üçin berk binýata öwrülen Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan oňyn bitaraplyk syýasatyna aýratyn ähmiýet berildi.

Çykyş edenler şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini nygtadylar. Goňşuçylyk, araçylyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelere esaslanýan bu dereje giň halkara ykrarnamasyny gazandy. Onuň aýdyň subutnamasy bolup her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni çykyş edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçirilmegi baradaky başlangyjyň kanunalaýyk dowamy hökmünde şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda ýokary derejeli Halkara forumy geçiriler.

Maslahata gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ählumumy dialogy ösdürmekde we parahatçylyk, durnuklylyk hem-de gülläp ösüş ugrunda özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.

Mundan başga-da, myhmanlara Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän wideoýazgy görkezildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
pr palace2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

l4w2gtaj5rkfob8ky75kvrpporgweufpytptddgzmxxqtzgpvyitslluxqwd 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – durnuklylygyň we dostlugyň ýalkymy

Soňkylar Habar

GitTop