THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: Halkara parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ösüşiň binýady

30.09.2025

2025-nji ýyl Türkmenistanyň taryhynda aýratyn orun eýeleýän, halkara derejesinde hem möhüm ähmiýete eýe bolan iki şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylydyr. Bu seneler diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, ýurdumyzyň halkara syýasatyndaky ynamly ýolunyň, parahatçylykly ösüşe gönükdirilen başlangyçlarynyň we dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň beýanydyr.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen biragyzdan ykrar edildi. Bu çözgüt halkara jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyna bolan ýokary ynamynyň subutnamasy boldy. 2015-nji ýylda ikinji Kararnama bilen bu hukuk ýagdaý has-da berkidildi. Bu taryhy wakalar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ugry hökmünde Bitaraplygyň halkara hukuk taýdan berkidilmeginiň ýolundaky möhüm ädimlerdir.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk boýunça Maslahatyň 1992-nji ýyldaky mejlisinde ilkinji gezek halkara derejesinde beýan edilip, soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitlerinde ýokary derejede ykrar edildi. Bu başlangyçlar diňe bir milli gymmatlyk däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goldamagyň täze filosofiýasynyň esasyny düzdi.
Geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanmak bilen, halkara guramalar, döwletler we sebit birleşmeleri bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürdi. Bu syýasat diňe bir syýasy taýdan däl, eýsem, ykdysady, medeni, ekologiýa we ynsanperwer ugurlarda hem giň gerimli hyzmatdaşlygyň esasyny düzdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly ýokary derejeli halkara maslahatda kabul edilen jemleýji resminama Bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini tassyklady. Şol maslahatda 12-nji dekabr “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek baradaky teklip öňe sürlüp, bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul eden Kararnamasynda öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan soňky ýyllarda birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy, durnukly ösüşi we ynanyşmagy goldamagyň möhüm guraly hökmünde Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli öňe sürýär. 2020-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnama Türkmenistanyň halkara derejesindäki täsirli başlangyjynyň beýany boldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi halkara derejesinde möhüm waka hökmünde kabul edildi. Bu başlangyç dünýä döwletlerini parahatçylykly, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge, halkara jedelleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmäge çagyrýar. Bu syýasy, ideologik hem-de amaly tagallalaryň jemlenýän ýyly hökmünde Türkmenistan bu başlangyjyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýelemäge çalyşýar.

2025-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan halkara sergiler, maslahatlar, ylmy-amaly forumlar we medeni çäreler guralyp, Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä derejesinde wagyz edilmegine gönükdirilen giň möçberli çäreler amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berer.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir halkara hukuk derejesi däl, eýsem, halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan, dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen syýasy filosofiýadyr. Bu ýörelgeler häzirki zaman dünýäniň möhüm meseleleriniň çözgüdinde netijeli gural bolup hyzmat edýär. Geljekde hem Türkmenistan bu syýasaty bilen halkara gatnaşyklarynyň ösüşine, parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşmagyny dowam eder.

Aýlar AKMYRADOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak

19092025 001 0 1 1000 528 1758304514 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk maslahaty — bagtyýar durmuşa gönükdirilen çözgütler

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop