Dark
Light
25.01.2026
l4w2gtaj5rkfob8ky75kvrpporgweufpytptddgzmxxqtzgpvyitslluxqwd 1 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – durnuklylygyň we dostlugyň ýalkymy

01.10.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şu ýyl ýurdumyz üçin aýratyn şanly sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu hukuk derejesi BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanyp, Watanymyzyň halkara giňişligindäki ornuny berkidýän möhüm binýat hökmünde çykyş edýär.

Hemişelik Bitaraplyk diňe bir milli bähbitlere laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we dünýä derejesinde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni doly görkezdi. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär. Häzirki wagtda ýurdumyz bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek isleýän döwletleriň we halkara guramalaryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşyp, halkara meseleleriň çözgüdine mynasyp goşant goşýar.

Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň gözbaşynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri durýar. Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk, syýasy-diplomatik çözgütler — bularyň hemmesi BMG-niň Tertipnamasynyň esasy ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Bu ýörelgeler häzirki zaman dünýä gurluşynyň möhüm talaby hökmünde kabul edilýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, Türkmenistan halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýär.

Türkmen Bitaraplygy häzirki zaman şertlerine uýgunlaşýan, täze garaýyşlar bilen baýlaşdyrylýan döredijilikli hadysa hökmünde halkara derejesinde ykrar edilýär. Onuň mümkinçilikleri BMG-niň maksatlaryna ýetmäge, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilýär.

Güljahan MEDJANOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mid biskek 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly bilim — döwrebap ösüşiň binýady

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop