c283a9aa04c316d6a9833de862cd23e5 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Milli medeni mirasymyz — halkymyzyň ruhy baýlygy

01.10.2025

Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy we medeni mirasy, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, döredijilik zehininiň hem-de milli özboluşlylygynyň aýdyň beýanydyr. Bu miras diňe bir geçmişiň sahypasy bolman, eýsem häzirki zaman jemgyýetiniň ruhy binýadyny berkidýän, geljek nesiller üçin ýol görkezýän gymmatlykdyr. Türkmen topragy gadymy medeniýetleriň beşi bolup, Köne Nusaý, Merw, Köneürgenç ýaly şäherler dünýä medeniýetiniň altyn sahypalaryna girýär. Bu şäherlerde tapylan arheologik ýadygärlikler halkymyzyň baý geçmişiniň, ylma, sungata we döredijilige bolan uly höwesiniň subutnamasydyr. Bu ýadygärlikler diňe bir milli däl, eýsem halkara derejesinde hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmen halkynyň döredijilik zehini aýdym-sazda, dessanlarda, nakyllarda, halyçylykda, zergärçilikde we el işlerinde öz beýanyny tapýar. Bu sungat görnüşleri halkymyzyň ýaşaýyş ýörelgelerini, dünýä garaýşyny, ruhy gymmatlyklaryny nesilden-nesle geçirýär. Halk döredijiligi diňe bir medeni baýlyk bolman, eýsem halkyň ruhy güýjüniň hem nyşanydyr. Şeyle hem, ürkmen dili, milli eşikler, toý däpleri, myhmansöýerlik, ýaşuly hormaty ýaly ýörelgeler halkymyzyň medeni mirasynyň ruhy esasyny düzýär. Bu ýörelgeler jemgyýetiň agzybirligini, birek-birege hormat goýmagyny, ynsanperwerligi ösdürýär. Bilim ulgamynda we gündelik durmuşda bu däpleriň ýaşadylmagy halkymyzyň özboluşlylygyny saklamaga hyzmat edýär.

Häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösmegi bilen medeni mirasy sanly görnüşde saklamak we dünýä ýaýmak mümkinçiligi artdy. Elektron kataloglar, wirtual muzeýler, sanly arhiwler arkaly taryhy maglumatlara elýeterlilik giňelýär. Bu bolsa ýaş nesliň geçmiş bilen baglanyşygyny berkitmäge, halkara derejesinde türkmen medeniýetini tanatmaga mümkinçilik döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan medeni syýasat halkymyzyň taryhy we medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmäge, ony gorap saklamaga hem-de dünýä derejesinde wagyz etmäge gönükdirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler halkymyzyň ruhy ösüşine, jemgyýetiň agzybirligine we döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat edýär.

Netijede, türkmen halkynyň medeni milli mirasy — halkymyzyň ruhy baýlygynyň, döredijilik zehininiň hem-de döwletimiziň ösüş ýolundaky berk binýadydyr. Ony gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Bu miras bilen buýsanyp ýaşamak, ony dünýä tanatmak bolsa halkymyzyň ruhy kämilliginiň we döwletimiziň rowaçlygynyň kepilidir.

Gülbahar SAPAROWA
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň esasy terjimeçisi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly bilim — döwrebap ösüşiň binýady

1576530671 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halysy — milli sungatyň nagyşly nusgasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop