19092025 001 0 1 1000 528 1758304514 THE ASHGABAT TIMES

Halk maslahaty — bagtyýar durmuşa gönükdirilen çözgütler

30.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara, halk bähbitli çözgütlere beslenýär. Şu ýylyň sentýabr aýynyň 19-ynda paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Maslahat köşgünde geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem şeýle taryhy wakalaryň biri hökmünde halkymyzyň hakydasynda orun aldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilen bu maslahatda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe möhüm resminamalara we tekliplere seredildi. Mejlisde öňe sürlen pikirler halkyň isleg-arzuwlaryna laýyklykda işlenip düzüldi we jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine gönükdirildi.

Ýaş nesliň bilim derejesini ýokarlandyrmak, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler, ýokary okuw jaýlary we beýleki durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bu işler halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ädimleriň biridir. Maslahatda öňe sürlen teklipleriň esasynda welaýatlarda täze etraplaryň açylmagy baradaky çözgüt hem kabul edildi. Bu başlangyç sebitleriň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, ýerli ýaşaýjylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini artdyrmaga gönükdirilendir.

Halk Maslahaty — halk bilen döwlet arasynda ynamly gatnaşygy üpjün edýän, jemgyýetde durnuklylygy we jebisligi berkitýän möhüm gurama hökmünde çykyş edýär. Maslahatda kabul edilýän çözgütler halkyň bähbitlerine laýyklykda işlenip düzülýär we durmuşa geçirilýär. Şeýle asuda, bagtyýar durmuşy halkymyza peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdylýar. Olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýgül BEGNAZAROWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: Halkara parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ösüşiň binýady

garassyz halk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Eziz Diýarym – ösüşleriň mekany

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop