bilim mekdep THE ASHGABAT TIMES

Bilim – kämillige ýol

02.10.2025

Milli Liderimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky Gutlag sözünde: «Berkarar döwletimiziň nurana geljegi şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimi we terbiýesi bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň beýik işlerimizi üstünlikli dowam etdirmek ýaşlaryň paýyna düşýär» diýip belledi. Şu jähetden hem döwrebap bilimlerden habarly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar.

Ussat hünärmenler milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna, ýurduň halkara abraýynyň artmagyna hem-de halkara gatnaşyklarynyň ilerlemegine mynasyp goşant goşýarlar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Bu ulgamy ösdürmäge maýa goýumlar gönükdirilýär, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Beýleki pudaklarda bolşy ýaly, sanly tehnologiýalary ylym ulgamynda hem giňden peýdalanmak alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna uly ýardam berýär. Sanly ulgamyň bize berýän sansyz mümkinçilikleri arkaly okatmagyň täzeçil usulyýetiniň ylym ulgamyna ornaşdyrylmagy daşary ýurt dillerini öwrenmekde hem örän ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde beýik işler durmuşa geçirilýär. Munuň netijesinde, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen ylym-bilim ulgamy dünýä derejesine çykarylýar hem-de ösdürilýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbalyna, ylym-bilimiň çalt depginde ösýän, adam paýhasynyň ýokary sepgitleri gazanýan döwründe ýaşaýan we zähmet çekýän häzirki hem-de geljek nesilleriň bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir. Ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gülnara BALTAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň matematika mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
679d0d6fa0938b5c96d879f7d203e095 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ylym bilimiň ösmegi: Adamzat akylynyň taryhy syýahaty

energ new bina THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nesillere toý sowgady

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop