Dark
Light
24.01.2026
03102025 002 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen okuwçylary mental hasaplama boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

03.10.2025

Türkmenistanly mekdep okuwçylary şu ýylyň 4–6-njy oktýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçiriljek mental hasaplama boýunça halkara çempionatyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar. Bu barada ýetginjekleri taýýarlamak bilen meşgullanýan “Kämil bilim” okuw merkezi habar berýär.

Mental hasaplama boýunça dünýä çempionaty 2008-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Bu ýaryşa dünýäniň 20-e golaý döwletinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşýar. Bäsleşige gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklaryna görä üç topara bölünýärler

Ýaryşda gatnaşyjylar diňe ýatdan işlemeli. Iki sagadyň dowamynda goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek ýaly amallardan başlap, dagytmak we droblar ýaly çylşyrymly hasaplamalara çenli dürli ugurlar boýunça sowallara dogry jogap bermeli.

Türkmenistandan bu çempionata 8 zehinli okuwçy gatnaşar. Olar aşakdaky mekdeplerden we “Kämil bilim” okuw merkezinden saýlanyldy:
Omar Akmyradow — Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdep
Abdullah Baýramgeldiýew — ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdep
Liwanur Berdiýewa — ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdep
Hatyja Durdymämmedowa — ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdep
Patma Gündogdyýewa — ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdep
Allaguly Ýusupow — ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdep
Ýeňiş Çerkezow — Balkanabatdaky Magtymguly adyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdep
Mekan Nurgeldiýew — Türkmenabatdaky ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdep

Bu okuwçylar “Kämil bilim” okuw merkeziniň Aşgabat, Balkanabat we Türkmenabatdaky şahamçalarynyň diňleýjileri bolup durýarlar.

Çempionata gatnaşjak topar şu ýylyň aprel aýynda geçirilen içki bäsleşik arkaly saýlanyldy. Şonda ýetginjekler dünýä çempionatynyň şertlerine meňzeş ýagdaýda 23 sahypalyk sowallary ýatdan işläp, ýokary netijeler bilen halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

03 10 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

021025 10 sbornik THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda “Sport – parahatçylygyň ilçisi” atly halkara ylmy ýygyndy çap edildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop