Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler garaşsyz ösüşimiziň taryhy sene ýazgysyna aýratyn many-mazmun berip, bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuny uly dabaralar bilen belledi. Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyrylýan, ajaýyp ösüşleriň gazanylýan we belent sepgitleriň ýetilýän eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär. Munuň özi täze taryhy döwürde ähli ýaşlaryň bilim alyp, ylym öwrenip, ählitaraplaýyn kämil hünärmenler hökmünde durmuşa geçiriljek beýik işlere mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny has-da artdyrýar, olary ruhlandyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň dabaralarynyň hut Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giň gerimli wakalaryndan başlanmagy hem uly ähmiýete eýedir. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzda täze bilim edaralary, şol sanda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy hem-de umumy ýaşaýyş jaýy, paýtagtymyzda, obadyr şäherlerimizde bolsa täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň ençemesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Hünärmen, magistr we bakalawr maksatnamalary boýunça täze hünärler açylyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlarymyz okuwa kabul edildi. Munuň özi ösüşiň belent sepgitleriniň ylymly-bilimli, döwrebap dünýägaraýyşly nesiller bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň tassyklaýar.
Bu gün Garaşsyzlykdan galkynyp, asuda örýän nowjuwan kalply ýaşlarymyzyň ýüzleri mähirden doly. Bu bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzy kepillendirýän aýdyň alamatdyr. Bütin älemi haýrana goýýan ösüşleriň, özgerişleriň ýurdunda ýaşamak, okamak, bilimiňi artdyrmak, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr.
Babahan EÝEBERENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.