Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň milli kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada gymmatly maslahatlaryny berip, Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde möhüm wezipeleri goýýarlar. Şol maslahatlara esaslanyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar, ozal hereket edýänlerine üýtgeşmelerdir goşmaçalar girizilýär. Şu ýylyň 28-nji iýunynda geçirilen Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda-da kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.
«Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna aýratyn orun degişli bolup, agzalan Kanun hem-de döwrebaplaşdyrylan Türkmenistanyň Raýat kodeksi metbugatda çap edildi. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete giriziljek bu Kodeks ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan esasy hukuk namasy bolup, onda şertnama arkaly kadalaşdyrmakdan, mirasa hukukdan başlap, sarp edijileriň we intellektual eýeçilik hukuklaryny goramaga çenli wajyp meseleleri düzgünleşdirmegiň ýollary öz beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Raýat kodeksi 1998-nji ýylda kabul edilip, 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilipdi. Şonda bazar gatnaşyklarynyň demokratiýalaşdyrylýandygyny, hususyýetçiligi ösdürmekde täze döwrüň başlanýandygyny alamatlandyrmagy bu Kodeksiň esasy taryhy aýratynlygy bolupdy. Ol eýeçiligiň ähli görnüşleriniň, raýat-hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň deňligi we şertnamanyň erkinligi ýörelgelerini jar etdi. Kodeksiň kabul edilmeginden bäri geçen 30 ýyla golaý döwrüň dowamynda Garaşsyz ýurdumyz öz ösüşinde birnäçe galkynyşly döwürleri başdan geçirdi hem-de özygtyýarly döwletleriň hatarynda mynasyp orna eýe boldy. Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki ugurlarda halkara giňişlige işjeň hem-de çalt depginler bilen goşulyşmagy, bazar ykdysadyýetiniň, işewürligiň ösdürilmegi, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň giňeldilmegi Raýat kodeksini döwrebaplaşdyrmagyň zerurlygyny ýüze çykardy.
Hukuk kepilliklerinidir ykdysady gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmek arkaly fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak üçin binýat bolup hyzmat etmegi bu Kodeksiň iň möhüm aýratynlygydyr. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň düzgünlerinden habarly bolmak diňe bir hukukçylar däl, eýsem, her bir adam üçinem zerurdyr. Çünki ol adamlaryň esasy hukuklarynydyr azatlyklaryny goraýar. Ýurdumyzyň milli kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Saýlaw GURBANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.