world cotton day 2 THE ASHGABAT TIMES

AK ALTYNYŇ BAÝRAMY

08.10.2025

2021-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen her ýylyň 7-nji oktýabry Bütindünýä pagta güni diýip ykrar etmek yglan edildi. Bu sene pagtaçylaryň zähmetine hormat goýmak, bu “ak altynyň” durmuşymyzdaky ähmiýetini wagyz etmek we bu pudagy durnukly ösdürmäge üns çekmek maksady bilen halkara derejesinde giňden bellenilýär.

Pagta dünýä ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Ol dokma senagatynyň esasy çig maly bolmak bilen, başga-da millionlarça adamyň zähmetini, ýaşaýşyny, ösüşini üpjün edýän serişdedir. Türkmenistanda pagta Watanymyzyň ykdysay kuwwatynyň, halkymyzyň tutanýerliliginiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda pagtaçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, oba hojalygynyň öndürijiliigini artdyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň pagtaçylary her ýyl ýokary hasyl alyp, “ak altyn” bilen Watanymyzyň ykdysady ösüşine öz goşantlaryny goşýarlar.

Bütindünýä pagta güni pagtanyň arassa tebigatdan, zähmetden, güneşden we toprakdan döredilýändigini ýatladýar. Şonuň üçinem bu gün dünýä jemgyýetçiligini ekologiýa taýdan arassa önümçilige, tebigata hormat bilen garamaga çagyryş hökmünde-de kabul edilýär.

Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň habarçysy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
24c11620b795e7234de2acb3bed946e5 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly ykdysadyýet — Geljegiň binýady

caga 25 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilime söýgi çagalykdan başlanýar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop